Turkmenportal logo
15.10.25
1065510655
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Moskwadaky ilçisi «Dutaryň owazy» festiwalyna gatnaşyjylara gutlag iberdi
Türkmenistanyň Moskwadaky ilçisi «Dutaryň owazy» festiwalyna gatnaşyjylara gutlag iberdi

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Вoly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly IX Moskwa halkara sungat festiwalyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi.

Ilçi öz gutlagynda Nury Halmämmedowyň adyny buýsanç bilen göterýän bu festiwalyň diňe bir konsertleriň toplumy bolman, eýsem, halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary we dostlugy pugtalandyrýan özboluşly platformadygyny belleýär.

Şeýle-de şu gezekki festiwalynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, ýagny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Beýik Watançylyk uruşda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bellenilýän ýylda geçirilmeginiň aýratyn mana eýedigi nygtalýar.

Ilçiniň gutlagynyň doly nusgasy bilen saýtymyzyň rus dilindäki bölüminde tanyşyp bilersiňiz.