Turkmenportal logo
15.10.25
1975719757
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Altynyň bahasy taryhy rekord derejesine ýetip, onuň bir unsiýasy $4200-den geçdi

Dünýä bazarlarynda altynyň bahasy täze taryhy rekord derejesine ýetdi. Çarşenbe güni irden Nýu-Ýorkdaky Comex biržasynda dekabr aýy üçin altynyň fýuçersleriniň bahasy bir troý unsiýasy üçin $4204,12 derejesine çykdy, bu bolsa öňki söwdalaşyklaryň ýapylyşy bilen deňeşdirilende 0,98% ýokarlanma bolup durýar – diýip, investfuture.ru saýty habar berýär.

Söwda sessiýasynyň dowamynda altynyň iň ýokary görkezijisi $4209,65 boldy. Moskwa wagty bilen 7:14-de bahanyň ýokarlanmasy $40,72 boldy. Bu gymmat bahaly metal üçin birža söwdalaşyklaryndaky täze taryhy aňry çäk görkezijisi hökmünde bellendi.

Şeýle hem kümüşiň bahasynda oňyn ösüş gazanyldy. Dekabr fýuçersi 1,12% ýokarlanyp, onuň bir unsiýasy üçin $51,19 derejesine ýetdi.

Adatça, gymmat bahaly metallaryň bahasynyň ýokarlanmagy ykdysady durnuksyzlyk şertlerinde gorag aktiwlerine bolan islegiň artmagy bilen baglanyşdyrylýar.