Şu gün, 15-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Turkmenportalyň» habarçysy habar berdi.
Halkara olimpiada Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden, şeýle hem, Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinden, Moskwa fiziki-tehniki institutyndan, Kazan (Wolga) Federal uniwersitetinden, Nowosibirsk milli gözleg döwlet uniwersitetinden, Ufa döwlet nebit tehnologiýa uniwersitetinden, Ufa ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň adam we tebigat institutyndan, Russiýanyň halklaryň dostlugy uniwersitetinden, B.B.Gorodowikow adyndaky Kalmyk döwlet uniwersitetinden, Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetinden, Sinzýan uniwersitetinden, Hytaýyň nebit uniwersitetinden, Gazagystan Respublikasynyň Halkara Astana uniwersitetinden, L.N.Gumilýew adyndaky Milli Ýewraziýa uniwersitetinden, Eýran Yslam Respublikasynyň Maşatdaky Ferdöwsi uniwersitetinden, Bojnordaky Kosar uniwersitetinden, Bojnordaky Azad Yslam uniwersitetinden, Azerbaýjan Respublikasynyň Baku inženerçilik uniwersitetinden, Özbegistan Respublikasynyň Halkara Aziýa uniwersitetinden, Buhara döwlet uniwersitetinden, Buhara döwlet tehniki uniwersitetinden, Karşi döwlet uniwersitetinden, Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetinden, Täjigistan Respublikasynyň Täjik milli uniwersitetinden, Rumyniýanyň Ploieşti nebit we gaz uniwersitetinden hem-de Belarus Respublikasynyň Belarus döwlet uniwersitetinden talyplar, magistrantlar, olara ýolbaşçylyk edýän mugallymlar we wekiller gatnaşýarlar.

Halkara olimpiadanyň açylyş dabarasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Sinszýan uniwersitetiniň, B.B.Gorodowikow adyndaky Kalmyk döwlet uniwersitetiniň, Maşatdaky Ferdöwsi uniwersitetiniň, Halkara Astana uniwersitetiniň, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň, Ploieşti nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary, magistrantlary, talyplary çykyş etdiler.

Olimpiada halkara ülňülere laýyklykda, şahsy bäsleşik görnüşde A we B derejede geçirilip, oňa Türkmenistanyň ylym-bilim edaralarynyň professor-mugallymlary, alymlary, hünärmenleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, alymlary eminlik edip, daşary ýurtly alymlar synçy hökmünde gatnaşýarlar.
