Turkmenportal logo
15.10.25
1560615606
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri üçin täze hytaý dili okuw kitaby neşir edildi

M. Gelenowa tarapyndan taýýarlanan «Hytaý dili» okuw kitaby Türkmenistanda neşir edildi. Täze okuw gollanmasy ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenendir.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, kitap Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibiniň esasynda Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi.

Okuw kitabynda hytaý diliniň aýratynlyklaryna düşünmek we berkitmek üçin zerur maglumatlar elýeterli dilde beýan edilýär.

Ýazmaça we dilden sözleýiş diliniň dogry gurluşyna, dil serişdeleri bilen işleşmäge, gepleşik endiklerine, söz düzümine, grammatikanyň, leksikanyň we hytaý dilindäki söz dörediş ýörelgeleriniň öwrenilmegine aýratyn üns berilýär.

Neşirde bellenilişine görä, öwrenilen bilimleri berkitmek üçin kitapda hödürlenýän amaly tabşyryklar talyplara uly kömek eder.