Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetinde «Italofoniýa: Çäksiz dil» şygary bilen italýan diliniň hepdeligi geçirilýär.
Ýokary okuw mekdebinde her ýyl geçirilýän bu çäre Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guralýar we diplomatlary, tanymal italýan professorlary, mugallymlary we talyplary bir ýere jemleýär diýlip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Hepdelik Italiýanyň ilçihanasynyň ýokary derejeli wekilleriniň we uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy bilen başlandy. Italiýaly professorlar (Prof. Mariýa Jowanna Farçi we Prof. Françesko Giommoni) dürli temalarda gyzykly okuw sapaklaryny berdiler. Maksatnamanyň çäklerinde italýan medeniýetini, kitaplary we talyp gurnaklary tarapyndan taýýarlanan maglumat materiallaryny görkezýän sergi geçirildi. Bu çäreler Italiýanyň taryhy mirasy we häzirki durmuşy barada baý düşünje berýär. Hepdelikde italýan edebiýatyna hem aýratyn orun berlipdir.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň italýan dilini öwretmek işinde ygrarlylygy iki ýurduň arasynda medeni we bilim alyş-çalşygynyň pugtalanýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde italiýan professory zähmet çekýär. Talyplaryň, esasanam, italýan dili okuwlaryna ýazylanlaryň höwesi, interaktiw sorag-jogap sapaklarynda we dürli çärelere gatnaşmagynda aýdyň görünýär diýlip, habarda bellenilýär.
