14-nji oktýabrda Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebada Türkmenistanyň ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Afrika Bileleşiginiň Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Mohamed El-Amin Suefiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Afrika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň bellemeklerine görä, soňky wagtda gatnaşyklar täze, has ýokary derejä çykdy. Munuň subutnamasy hökmünde şu ýylyň awgust aýynda Awazada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçünji maslahatyna Afrika döwletleriniň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşandygy görkezildi.
Ilçi Mekan Işangulyýew Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde Afrika yklymyndaky döwletler bilen dostlukly we özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilýändigini nygtady.
Afrika Bileleşiginiň Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary energetika, himiýa senagaty, oba hojalygy we medeniýet ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Ýeri gelende bellesek, Afrika Bileleşigi — ilat sany bir milliarddan geçýän 55 döwleti birleşdirýän halkara hökümetara gurama bolup, onuň ygtyýarly ýerine ýetiriji düzümi bolan Komissiýa Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebada ýerleşýär.
