Turkmenportal logo
14.10.25
1635516355
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky mekdebiň täze binasy 2027-nji ýylda açylar
Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky mekdebiň täze binasy 2027-nji ýylda açylar

Türkmenistan bilen Russiýa Aşgabatdaky A.S. Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebiniň goşmaça binasyny gurmak barada ylalaşdylar. Bu barada Russiýanyň wise-premýeri Marat Husnullin iki ýurduň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda aýtdy.

«Bu gün A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän türkmen-rus orta mekdebiniň mundan beýläk-de ösdürilmegi boýunça ylalaşdyk. Meniň pikirimçe, gysga wagtda gurluşyga başlarys, 2027-nji ýylda bolsa täze binany işe girizmelidiris. Bu ugurda işi dowam etdireris, bu biziň üçin örän möhüm» diýip, M.Husnullin belledi.

Şeýle-de wise-premýer Russiýanyň we Türkmenistanyň sport ugrundaky hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklere eýedigini aýratyn nygtady.

Hökümetara toparyň mejlisi duşenbe güni Aşgabatda geçirildi. Mejlisde rus tarapyna wise-premýer Marat Husnullin we türkmen tarapynda bolsa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew ýolbaşçylyk etdiler.