Şwesiýanyň Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň Nobel geňeşi ykdysadyýet ugry boýunça 2025-nji ýyldaky eýelerini yglan etdi. Bu barada geňeşiň metbugat gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Baýragy amerikaly ykdysadyýetçi Joel Mokir, fransiýaly Filipp Agon we kanadaly Piter Howitt alarlar. Olara baýrak innowasion ykdysady ösüşiň gurallaryny düşündirmäge goşan goşandy üçin gowşurylýar.
Baýragyň ýarysy Joel Mokire tehnologik progresiň üsti bilen durnukly ösüşi üpjün edýän sebäpleri öwrenendigi üçin berildi. Galan ýarysyny Filipp Agon we Piter Howitt alarlar, olaryň işi köne tenhologiýalaryň we işewürlik nusgalaryň öz ornuny täze innowasiýalara bermegini aňladýan «döredijilikli ýumrulma» diýilýän ýörelgä esaslanýan durnukly ösüş taglymyna bagyşlanandyr.
