11-nji oktýabrda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Katar Döwletiniň Milli kitaphanasynyň ýerine ýetiriji direktory Tan Huism bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berildi.
Duşuşyk Aşgabatda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde guraldy.
Duşuşykda türkmen we katar halkynyň köklerini uzak taryhy döwürlerden alyp gaýdýan gymmatly taryhy, medeni we edebi ýadygärlikleriniň bardygy nygtalyp, Türkmenistanda hem-de Katarda maddy we ruhy mirasy aýawly saklamak, milli ýörelgeleri we gymmatlyklary dabaralandyrmak, kitaphanaçylyk işini ösdürmek babatda uly işleriň alnyp barylýandygyna üns çekildi.
Şunuň bilen baglylykda, Katar Döwletiniň Milli kitaphanasynda türki dünýäsine, türkmen halkyna degişli gadymy hem gymmatly neşirleriň aýawly saklanylýandygy göz öňünde tutulyp, ministr J.Gurbangeldiýew tarapyndan döwrebap sanly tehnologiýalar arkaly Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri üçin şeýle gadymy neşirlere elýeterliligiň üpjün edilmegi baradaky teklip beýan edildi.
Türkmen tarapynyň bu teklibi Kataryň wekiliýeti tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolup, ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy mälim edildi.
Taraplar Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen hyzmatdaşlygynyň geljekde hem dowamly häsiýete eýe bolmagyna öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ähli goldawlary bermäge taýýardyklaryny nygtadylar.
