Ozal habar berşimiz ýaly, 2025-nji ýylda «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edildi. Onuň çäklerinden Türkmenistanda dürli işler alnyp barylýar.
Çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň okamaga bolan höwesini elektron tehnologiýanyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda chagalar-kitaphana.gov.tm resmi saýtynda ýörite «Elektron kitaplar» ady bilen çagalara degişli ertekileriň, çeper eserleriň we başga-da birnäçe kitaplaryň elektron görnüşleri ýerleşdirildi.
Diňe elektron kitaplary ýerleşdirmek bilen çäklenmän, bu saýtda «Sesli kitaplar» atly bölüm hem döredildi. Bu bölümde çagalara degişli ertekileriň audio görnüşleri-de bar diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
