Şu gün Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynda döwrebap saglyk öýüniň açylyş dabarasy boldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu dabara Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan giň gerimli çäreleriň üstüni ýetirdi.
Dabara Aşgabat şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, saglygy goraýyş işgärleri, hormatly ýaşulular hem-de eneler gatnaşdylar.
Ýygnananlar medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmagynda döwrebap saglyk öýüniň toý bagy kesildi.
Saglyk öýüniň desgalar toplumynyň gurluşygy ýerli gurluşyk kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirilip, onuň esasy binasy iki gatdan ybaratdyr. Bu ýerde daşary döwletleriň iri önüm öndürijileriniň iň kämil lukmançylyk we tehniki enjamlary hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ornaşdyryldy. Saglyk öýünde «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň çagyryş gullugy, şöhle bilen anyklaýyş, barlaghana, aýallara maslahat beriş, anyklaýyş we maslahat beriş, maşgala lukmanlar, dolandyryş, fiziobejeriş, dezinfeksiýa we sterilizasiýa bölümleri bar. Saglygy goraýyş işgärleri bu bölümleriň otaglarynda ornaşdyrylan enjamlar we olaryň aýratynlyklary barada dabara gatnaşyjylary ýakyndan tanyşdyrdylar.