Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda» Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Resminama laýyklykda, şu gün Aşgabatda geçirilen serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde saglygy goraýyş işgärleriniň birnäçesine Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly gowşuryldy. Şeýle-de olaryň birnäçesine «Türkmenistanyň halk lukmany», «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly atlar dakyldy.
Permanda bellenilişi ýaly, saglygy goraýyş işgärleri ýurduň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, saglygy goraýyş işini ösdürmekde, adamlaryň saglygyny dikeldip, ýurduň baýlygyny artdyrmakda, keselleriň öňüni alyş, anyklaýyş hem-de olary bejermegiň netijeli usullaryny saglygy goraýyş tejribesine ornaşdyrmakda, döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly zähmet üstünlikleri, ilatyň saglygyny goramaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmeti, ýokary hünär ussatlygy nazara alnyp, şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli sylaglanyldy.
Perman metbugatda dolulygyna çap ediler.
