Turkmenportal logo
10.10.25
1240212402
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi Efiopiýanyň DIM-inde ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Surat: turkey.tmembassy.gov.tm

Şu gün Addis-Abeba şäherinde Türkmenistanyň Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasyndaky (oturýan ýeri Ankara şäheri) täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Işangulyýew bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň diplomatik protokol gullugynyň baş direktory Aziza Gelete Dessalegne ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň DIM-iniň Diplomatik protokol gullugynyň baş direktory ilçini täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde, ilçi M.Işangulyýew Türkmenistanyň hem-de Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Mundan başga-da, duşuşygyň çäklerinde taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.