Turkmenportal logo
10.10.25
1300813008
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Fransuz poçtasy kruassan ysly marka çykardy
Surat: Gazeta.ru

Fransiýanyň Poçta gullugy mesgede bişirilen kruassan ysly markany ulanyşa goýberdi. Bu barada edaranyň resmi saýtyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Täze marka ýurduň Bişirilýän we konditer önümleriniň konfederasiýasynyň 2019-njy ýyldan bäri geçirip gelýän iň gowy kruassan bäsleşiginiň çäklerinde döredildi. «Fransuz aşhanasynyň nyşany we fransuzlaryň iň halaýan konditer önümi bolan kruassan çörek-bulka önümleriniň öňdebaryjylarynyň biri bolup durýar» diýip, Fransuz çörekhanalarynyň we konditer önümleriniň konfederasiýasynyň başlygy Dominik Anrakt belledi.

Ysly poçta markasy halkara ýollamalar üçin 2,1 ýewro nyrh möçberde elýeterlidir.