Turkmenportal logo
10.10.25
1044610446
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sergeý Lebedew GDA-nyň Baş sekretarlygyna gaýtadan saýlandy

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Sergeý Lebedew öňdäki üç ýyla Baş sekretarlyga bellendi. Çözgüt dar düzümdäki mejlisde kabul edildi diýip, «Interfax.ru» habar berdi.

Sergeý Lebedew GDA-nyň Ýerine ýetiriji edarasyny 2007-nji ýylyň oktýabryndan bäri dolandyryp gelýär. Ol şol wagt Ýerine ýetiriji geňeşiň başlygy – GDA-nyň ýerine ýetiriji sekretary wezipesine bellenipdi. Şondan bäri Lebedewiň wezipe ygtyýarlylyklary birnäçe gezek uzaldyldy. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda bu wezipe GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň karary bilen «GDA-nyň Baş sekretary» diýlip üýtgedildi.