Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Sanweý uniwersitetiniň professor-mugallymlary we türkmenistanly hem-de daşary ýurtly talyplary bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Sanweý Uniwersitetiniň Işewürlik mekdebiniň dekany, hormatly professory Lim Weng Mark çykyp edip, uniwersitetiň halkara talyplary bilen alyp barýan işleri barada gysgaça gürrüň berdi. Ol häzirki wagtda Sanweý Uniwersitetinde 250-den gowrak türkmen talybynyň bilim alýandygyny belläp, geljekde bu sanyň artdyrylmagy ugrunda degişli işleri dowam etdirmäge taýýardygyny nygtady.
Öz gezeginde türkmen tarapy Malaýziýadaky türkmen talyplaryna berilýän goldaw hem-de döredilýän oňaýly şertler üçin uniwersitetiň ýolbaşçylarydyr mugallymlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
