Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň rektory Ýerlan Sydykow bilen duşuşdy.
Taraplar bilim we ylym ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle hem bu ugurlarda gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek boýunça mundan beýläkki bilelikdäki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Akademik alyş-çalyş meselelerine hem-de bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi.
Rektor Ý.Sydykow öz gezeginde türkmen tarapyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgesiniň tutuş sebite nusga bolup hyzmat edýändigini, onuň parahatçylygyň, durnuklylygyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýandygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
