10-njy oktýabrda Duşenbe şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) sammitinde 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, guramada başlyklygyň Türkmenistana geçirilmegi we nobatdaky sammiti Aşgabatda geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuri Uşakow habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Sammite Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri gatnaşarlar.
Ilki bilen, gepleşikler dar düzümde — wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň we GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň gatnaşmagynda geçiriler. Bu görnüşdäki duşuşykda döwlet Baştutanlary bilelikde alnyp barlan işleriň netijelerini jemläp, geljek üçin esasy wezipeleri kesgitlärler. Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde dowam eder.
Sammitiň jemleri boýunça birnäçe resminama gol çekilmegine garaşylýar, şol sanda:
- 2026 — 2028-nji ýyllar üçin terrorçylyga we ekstremizme garşy hereket etmek boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasy;
- 2026 — 2030-njy ýyllar üçin serhet howpsuzlygyny berkitmek maksatnamasy;
- 2030-njy ýyla çenli harby hyzmatdaşlyk konsepsiýasy;
- BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki beýannamasy;
- Transmilli jenaýatçylyga garşy göreşmek we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk baradaky resminamalar.
Mundan başga-da, Sergeý Lebedewiň GDA-nyň Baş sekretary wezipesindäki ygtyýarlyklaryny täze üç ýyllyk möhlete uzaltmak baradaky kararyň kabul edilmegine garaşylýar.
