2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan halkara hyzmatdaşlygyň çäginde guralan iş sapary boýunça daşary ýurtly alymlar Köpetdag we Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalarynyň çäginde gabat gelýän ýaryganatlylaryň görnüş dürlüligini öwrenmek boýunça Türkmenistana geldiler. Bu barada Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
29-30-njy sentýabrda ýaryganatlylar boýunça gözegçilikler Gökderede we Arçabil ýol ugurlarda geçirildi. Netijede 2 günüň dowamynda ýaryganatlylaryň 10 görnüşi tutuldy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen Çüli gijeçisi (Myotis tschuliensis) barada täze maglumatlar toplandy. Öňki geçirilen barlaglarda gabat gelmedik bu endemik görnüşiň Altyýap derýajygynyň gözbaşynda hasaba alynmagy hünärmenleri örän begendirdi.
Şeýle hem Gökderede Gyzyl kitaba girizilen Uzynganat ýaryganatyň (Miniopterus pallidus) jemi 6 sanysy gabat geldi. Arçabil ýol ugurda geçirilen barlagda ýaryganatlylaryň 1 görnüşi — Uly nalburun (Rhinoptera ferrumequinum) hasaba alyndy.

Türkmenistanyň demirgazyk böleginde, Gaplaňgyryň çäklerinde ýaşaýan endemik görnüş bolan Türkmen gulakman ýaryganaty (Plecotus turcmenicus) barada maglumatlary toplamak we suratyny almak daşary ýurtly hünärmenlerde üçin uly gyzyklanma döretdi. Häzir degişli işler Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynda dowam edýär.
Türkmenistanyň haýwanat dünýäsiniň, esasan hem ýaryganatlylaryň görnüşleri barada Germaniýanyň Tebigaty we taryhy muzeýi — Leýbnis adyndaky Ewolýusiýa we biodürlülik instutitynyň ylmy işgärleri Friedrih Erwin Maýer, Hans Dies Kristian, Mark Oliwer Rodel, Türkiýe döwletiniň Istanbul tehniki uniwersitetiniň mugallymy Emraç Çoraman, Özbegistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Zoologiýa institutynyň hünärmeni Mariýa Gritsina ylmy maglumatlary toplamaga uly ýardam berdiler.
Habarda bellenilişi ýaly, 2019-njy ýylda Balkan we Ahal welaýatynyň çäklerinde türkmenistanly hünärmenleriň hem-de Germaniýadan we Türkiýeden gelen alymlaryň gatnaşmagynda ýaryganatlylaryň görnüş düzümini we ekologiýasyny-biologiýasyny öwrenmekde gözegçilikler geçirildi. 2024-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynda we oňa golaý ýanaşyk ýerlerde iş saparynda bolnup, hünärmenler gözegçilikleri dürli landşaftlarda geçirdiler we jemi 16 görnüş barada maglumat topladylar.
