Turkmenportal logo
08.10.25
77137713
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysy Şri-Lanka bilen ýaşyl köýnekçede oýnar

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy 2027-nji ýylyň Aziýa kubogy ugrundaky saýlama tapgyrynyň çäklerinde Şri-Lankanyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşykda ýaşyl köýnekçede meýdança çykar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşyk 9-njy oktýabrda Kolombo şäherinde geçiriler, oýun Aşgabat wagty bilen sagat 15:15-de başlanar. Meýdança eýeleri ak köýnekçede çykyş ederler.

Geçirilen iki tapgyrdan soň Türkmenistanyň ýygyndysy D toparçasynda 6 utuk bilen birinji orny eýeleýär. Şri-Lanka bilen Taýlandyň ýygyndylary 3 utukdan toplady. Toparyň sanawyny entek utuk gazanmadyk Hytaý Taýbeýiniň ýygyndysy jemleýär.