6-njy oktýabrda Rim şäherinde Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky ilçisi T. Kömekow bilen «Italiýada öndürilen» önümleriň we kärhanalaryň işleri boýunça ministri Urso Adolfonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň esasy temasy şu ýylyň oktýabrynda Italiýada geçirilmegi meýilleşdirilýän işewürlik forumyna taýýarlygyň barşy barada boldy. Bu foruma Türkmenistanyň we Italiýanyň iri hususy kompaniýalarynyň, döwlet edaralarynyň, maliýe-ykdysady düzümleriniň wekilleriniň, şeýle hem öňdebaryjy italýan kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara guramalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly mümkinçilikleri hem ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleriň meýilleşdirilmegine aýratyn üns berildi.
Gepleşikleriň netijesinde söhbetdeşler Türkmenistanyň we Italiýanyň halklaryna parahatçylyk hem-de gülläp ösüş arzuw edip, iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň möhümdigini nygtadylar.
