Russiýada däp bolup gelýän demirgazyk rus aýallarynyň kellä geýýän gadymy bezegi — kokoşnikleriň bahasy soňky hepdede gymmatlady. Muňa ýurduň Prezidenti Wladimir Putiniň «Waldaý» halkara klubynyň plenar-maslahatyndaky çykyşynda aýdan sözleri sebäp boldy diýip, «rodina-history.ru» neşiri habar berdi.
Bu gün başgaplaryň bahasy marketpleýslerde 700-den 30 müň rus rubly aralygynda hödürlenilýär diýip, habar beriş serişdeleri ýazýar.
RF-niň Prezidenti ady tutulan forumda kokoşniklere ýaşlaryň arasynda islegiň artmagynyň özüne ýaraýandygyny nygtapdy. Hut şol gün başgaplara baha 3,2 esse ýokarlandy we eýýäm olaryň internet dükanlarda ýüz müňlerçesi satyldy. Ýurduň Leningrad oblastynda kokoşnikleriň satuwynyň üç esse artandygy, şunda bu sebitiň we Sankt-Peterburg şäheriniň paýyna umumy satuwlaryň 19 göteriminiň degişli bolandygy bellenýär. Bu zenan bezeglerini meşhur rus şahsyýetleri Nadežda Babkina, Tatýana Bulanowa, Anna Hilkewiç, Lera Kudrýawsewa we beýlekiler göterýärler.
