Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana birleşigi tarapyndan ilaty gerekli derman serişdeleri bilen üpjün etmekde uly işler amala aşyrylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, näsaglara ýeňillikli goýberilýän derman serişdeleriniň umumy sany 134 görnüşe ýetirilip, ätiýaçlandyrylan raýatlar üçin 50 göterimi mugt ýeňillikli derman serişdeleriniň, aýry-aýry toparly näsaglar üçin 50 göterimi mugt we 100 göterim mugt şertlerden peýdalanýan raýatlar toparyna niýetlenen derman serişdeleriniň sany 454 görnüşe çenli köpeldildi.
2025-nji ýyl boýunça Baş dermanhana birleşigi we welaýatlaryň Dermanhana müdirlikleriniň garamagynda 159 sany dermanhana, 504 sany dermanhana şahamçalarydyr 663 sany dermanhana söwda nokatlary bolup, ilaty ýokary hilli derman we saglyk maksatly serişdeler bilen öz wagtynda ýeterlik üpjün edilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça şertnamalary baglaşan raýatlara döwlet dermanhana edaralarynda ýeňillikli şertlerde hyzmatlar hödürlenilýär.
Türkmenistanda ýerli kärhanalaryň öndürýän önümleri we Ýewropanyň ösen ýurtlarynyň önüm öndürijilerinden getirilýän ýokary hilli derman hem saglyk maksatly serişdeler hemme zerur bolan şertler göz öňünde tutulan ýöriteleşdirilen ammarlarda howpsuzlyk talaplaryna laýyklykda saklanylýar. Olaryň aglabasy saglyk ätiýaçlandyrmasyna degişli bolup, hili, howpsuzlygy we täsirliligi babatda dünýä ölçeglerine gabat gelýär.
Olar çüýşe, alýumin, polietilen, laminirlenen kagyz gaplarda öndürilýän gerdejikler, süýri däneler, erginler, melhemler ýaly önümler bolup, dürli agyry aýryjylar, ýürek, bagyr, böwrek, aşgazan-içege kesellerine garşy ulanylýan we beýleki dürli görnüşli dermanlardyr.
