Turkmenportal logo
07.10.25
34023402
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler

10 — 12-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär.

Oňa Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, daşary ýurtlary kompaniýalary, işewürleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşarlar. Bu barada Söwda-senagat edarasy habar berdi.

Halkara sergide lukmançylygyň anyklaýyş-bejeriş enjamlary we tehnikasy, lukmançylyk gurallary, saglygy goraýyş ulgamynda dürli görnüşdäki hyzmatlary hödürleýän kompaniýalaryň, şeýle hem innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan kliniki merkezleriň öz alyp barýan işlerini görkezmegine giň mümkinçilik dörediler.

Şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy iri kompaniýalary bilim we sport boýunça alyp barýan işlerini, tehnologiýanyň soňky gazananlaryny Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna giňden hödürlener.

Sergi 09:00 – 18:00 aralygynda açyk bolar.

Serginiň geçiriljek ýeri:

Aşgabat şäheri, Söwda-senagat edarasy, Çandybil köçesi 143.