29-njy sentýabr — 3-nji oktýabr aralygynda Italiýa Respublikasynyň Witerbo şäherinde «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki hyzmatdaşlygyň çäklerinde degişli meýilnama laýyklykda Suw çeşmelerini durnukly dolandyrmak meselelerine bagyşlanan okuwlar geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmen oba hojalyk institutynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Okuwyň maksady oba hojalygynda suw serişdelerini rejeli ulanmak, innowasion suwaryş ulgamlaryny ornaşdyrmak we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak babatda täze halkara tejribeleri öwrenmekden ybarat boldy.
Meýdan tejribeligi dostlukly ýurduň Witerbo şäherindäki Tuşiýa (Tuscia) uniwersitetiniň Okuw-tejribe hojalygynda ýola goýlan suwaryş ulgamlarynyň işi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Şeýle-de okuwyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar suw tygşytlaýjy enjamlary öndürýän TORO kärhanasynda suwaryş enjamlarynyň önümçiligi, täze sensor tehnologiýalary we H2OCAD atly suwaryş taslama programmasynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.
ARSIAL oba hojalyk barlag merkezine guralan saparda guraklyga çydamly ösümlikler, toprak, suw gözegçilik ulgamlary, IoT (Internet of Things) tehnologiýalary boýunça pikir we tejribe alyşmalar boldy. «Maccarese» oba hojalyk kärhanasynda bolsa sanly we takyk oba hojalygy boýunça häzirki zaman çözgütleri, ýokary hasyl berýän bag ekiş ulgamlary, zyýankeşlere garşy awtomatiki dolandyryş serişdeleri hem-de biogaz önümçiligi boýunça ylmy işler bilen tanyşmak mümkinçilikleri döredildi.
Okuwyň jemleýji gününde ösümlikleriň suwsuzlyk şertlerindäki ýagdaýyny öwrenmek boýunça tejribe synaglary, şol sanda «Arcadia spin-off» merkeziniň ýokary önümçilikli fenotiplendirme platformasynyň ulanylyşy görkezildi.
