«Balkan» kän müdirligi tarapyndan oňa degişli gurluşyk käninden magdan däl gurluşyk we diwar serişdeleriniň birnäçe görnüşleri gazylyp alynýar. Bu ýerde ýylda 1 million tonna daş owratmaga mümkinçiligi bolan daş owradyjy we saýlaýjy zawod hereket edýär.
Golaýda kärhana ýük daşaýjy, ýükleýji awtoulaglardyr ekskawatorlaryň 40-a golaýy gelip gowuşdy. Hytaýyň önümi bolan täze tehnikalar eýýäm müdirligiň önümçilik meýdançalarynda işe girizildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
2025-nji ýylyň geçen dokuz aýynda «Balkan» kän müdirliginiň hünärmenleri uly üstünliklere eýe boldular. Has takygy, bu ýerde şu ýylyň başyndan bäri 1 million 878 müň kub metrden gowrak magdan däl gurluşyk serişdeleri öndürilip, bellenilen meýilnama 101,52 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe çagyl-çäge garyndysyny, ýuwlan çägäni, daş owuntygyny öndürmek boýunça ýetilen sepgit bolsa bellenen meýilnamadan ep-esli artyk netijäni görkezýär. Häzirki zamanyň kämil önümçilik tehnikalary bilen ygtybarly üpjün edilen kärhanada we onuň «Daşarbat», «Türkmenbaşy», «Baleýşem» ýaly önümçilik meýdançalarynda öndürilýän önümler diňe bir Balkan welaýatyna däl, ýurduň ähli sebitlerine hem polat ýollar arkaly yzygiderli ugradylýar.
