Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
«Parasatly we öňdengörüji döwlet işgäri hökmünde Siz köp ýyllaryň dowamynda halkyň bähbidine yzygiderli zähmet çekip gelýärsiňiz. Siziň ýolbaşçylygyňyzda Täjigistanyň ykdysadyýeti durnukly ösýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi gowulanýar, ýurduň halkara giňişlikdäki at-abraýy artýar» diýip, türkmen döwletiniň Baştutany hatynda nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini belläp, ony mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny hem-de iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Täjigistanyň Baştutanynyň saldamly şahsy goşandyny aýratyn nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
