3-nji oktýabrda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Germaniýanyň Bitewüliginiň güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirdi.
Çäräniň dowamynda Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Bernd Hainse hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew çykyş etdiler.
Ilçi öz çykyşynda türkmen-german gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, medeni we ynsanperwer ugurlarda barha berkidilýändigini aýratyn nygtady.

Germaniýanyň Türkmenistanda, esasan hem, energetika, ulag-logistika we «ýaşyl» tehnologiýalar ugurlarynda maýa goýmalara taýýardygyny belledi. Şeýle hem ynsanperwer, medeni we bilim ulgamlaryndaky netijeli hyzmatdaşlyk aýratyn bellenilip geçildi. Häzirki wagtda Türkmenistanda 50 müňden gowrak adam nemes dilini öwrenýär. Bu dil «Dil» okuw merkezinde we PAŞ (PASCH) - mekdeplerinde öwredilýär, olaryň sanynyň geljekde artdyrylmagy meýilleşdirilýär — diýip, ilçi beýan etdi.
Nökerguly Atagulyýew öz çykyşynda dabaranyň eýelerini Germaniýanyň Bitewüliginiň güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Ol Türkmenistanda birnäçe nemes kompaniýasynyň üstünlikli işleýändigini we bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigini belledi. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda ýokary derejeli konstruktiw gatnaşyklaryň bardygy aýratyn nygtalyp geçildi.

Wise-premýer saglygy goraýyş ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini, derman serişdelerini işläp taýýarlamak we lukmançylyk önümlerini öndürmek boýunça ylmy-barlaglary öz içine alýan iri lukmançylyk klasteriniň gurluşygynda nemes tarapynyň goşandyny aýratyn belledi.
