Ýakyn günlerde Moskwanyň haýwanat bagyndan Türkmenistana goňur aýy getiriler diýlip garaşylýar. Bu haýwan Türkmenistanyň «Janly tebigatyň milli muzeýine» sowgat hökmünde berilýär. Bu barada «Turkmenportal» bilen söhbetdeşlikde Biologiýa ylymlarynyň doktory, professor, muzeýiň ylmy geňeşçisi Eldar Anwerowiç Rustamow habar berdi.
Ýatladyp geçsek, geçen ýyl Aşgabadyň haýwanat bagy halkara «EАРАЗА» guramasyna agza bolmagy bilen, Moskwanyň haýwanat bagynyň seýrek ýabany haýwanlary köpeltmek boýunça Wolokolamsk merkezinden Sumbar atly aýy sowgat hökmünde getirilipdi. Indi bolsa Sumbaryň ýalňyz galmazlygy üçin oňa ýoldaş hökmünde Aýdere atly aýy getiriler.
Professor Rustamowyň bellemegine görä, Moskwanyň haýwanat bagyndan Aşgabat şäherine gelmegi meýilleşdirilýän haýwanlaryň arasynda ýolbarslar we jandarlaryň beýleki görnüşleri hem bar.
Biziň E. Rustamow bilen söhbetdeşligimiz möhüm güne gabatlanyp geçirildi — 4-nji oktýabr dünýä ýüzünde Haýwanlary goramagyň halkara güni hökmünde bellenilýär. Bu senäniň maksady — öý haýwanlaryndan başlap, ýabany we oba hojalyk haýwanlaryna çenli olaryň ähli görnüşleriniň goragyny üpjün etmek, adamlaryň haýwanat dünýäsini saklamak ugrunda bilelikde hereket etmegini gazanmakdyr. Bu gün dürli çäreler, haýyr-sahawat we düşündiriş çäreleri bilen bellenilýär.
Professor Rustamow haýwanlary goramak bilen bagly halkara hukuk namalary barada hem gürrüň berdi. 1987-nji ýylda Ýewropa Geňeşi öý haýwanlaryny goramak boýunça Konwensiýany kabul etdi. 10-njy dekabr — 1948-nji ýylda kabul edilen Adam hukuklarynyň umumy jarnamasynyň ýubileýine gabatlanyp, 1998-nji ýylda Haýwanlaryň hukuklarynyň halkara güni hökmünde yglan edildi. Bu sene haýwanlaryň hem adamlar ýaly ýaşaýyşa, erkinlige we ejir çekmekden goralmaga bolan hukugynyň bardygyny nygtaýar.
Şeýle hem 24-nji aprel — barlaghana üçin niýetlenen haýwanlary goramagyň halkara güni hökmünde bellenilýär. Bu sene 1979-njy ýylda Haýwanlara garşy agyr synaglara garşy halkara birleşigi tarapyndan döredilip, BMG tarapyndan goldanyldy. 1986-njy ýylda bolsa Ýewropa Geňeşi barlaghana üçin niýetlenen haýwanlary goramak hakynda Konwensiýany kabul etdi.
2019-njy ýylda «zoogoragçy» diýen adalga peýda boldy. Olar adatça haýwanlaryň hukuklaryny goramak bilen meşgullanýan haýyr-sahawat we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarydyr. Köp şäherlerde haýwanlara kömek edýän meýletinçiler hereket edýär. Bu toparlara haýwanat baglarynda işleýän, olara ideg edýän «kiperler» hem degişli bolup biler.
Aşgabadyň haýwanat bagynda, ýagny «Janly tebigatyň milli muzeýinde» häzirki wagtda 200-den gowrak kiper zähmet çekýär. Olar haýwanlara aýratyn söýgi bilen çemeleşýärler, iýmitlenişine gözegçilik edýärler we ruhy taýdan hem ýakyn gatnaşyk saklaýarlar. Professor Rustamow olaryň hem şu gün — Haýwanlary goramagyň halkara güni bilen gutlanmaga mynasypdygyny belledi.
Şeýle hem alym 6-njy oktýabrda bellenilýän Ýabany haýwanlaryň ýaşaýyş ýerlerini goramagyň halkara güni barada ýatlatdy. Professor Rustamow bu senäniň adamlaryň hojalyk işlerini alyp barýandyklary sebäpli köp haýwanlaryň tebigy ýaşaýyş ýerlerini ýitirýändigine we käbir görnüşleriň bütinleý ýok bolýandygyna ünsi çekmek üçin döredilendigini nygtady.
Söhbetdeşligi geçiren Maral Hydyrowa
