Ýaponiýanyň Toeake şäherinde sanly enjamlary ulanmaga çäklendirme girizildi. Şäheriň häkimiýetleri ýörite karar taýýarladylar, onda ýaşaýjylara smartfonlary, planşetleri, oýun konsollaryny hem-de kompýuetleri iş we okuw wagtyny hasaba almazdan, günde iki sagatdan kän ulanmak gadagan edilýär.
Bu ýurduň ýaşaýjylara telefonlary goýup, hakyky durmuşa dolanmaga kömek etmek üçin ilkinji döwlet derejesindäki çözgütdir.
Toeakeniň ilaty 68 müň adam, karar şäheriň häkimiýetleri tarapyndan tassyklanyldy. Ol 1-nji oktýabrda güýje girdi.
Karar maslahat beriş häsiýetli, häkimiýetler smartfonlaryň ulanylyşyny yzarlamaz we kesgitlenen wagtdan artyk peýdalanylsa, jerime salynmaz. Emma Ýaponiýada resmi gözükmelere eýermegi talap edýän güýçli jemgyýetçilik basyşy bar.
Hökümet indi raýatlaryň köp wagtyny maşgalasy bilen geçirjekdigine umyt edýär. Emma täze düzgüne garşy bolýanlar hem bar, mysal üçin, şäheriň häkimiýetleri eýýäm düzgüni tankyt edýän 400 töweregi jaňlary aldylar. Şeýle-de sosial torlarda düzgüni ýatyrmak barada garşylyk pikirleri çap edildi.
Ýaponiýada sanly enjamlara garaşlylyk meselesi birinji gezek ara alnyp maslahatlaşylmaýar. 2024-nji ýylda geçirilen ylmy barlag başlangyç we orta synp okuwçylarynyň günde azyndan bäş sagadyny smartfonlara güýmenip geçirýändini görkezdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
