Turkmenportal logo
02.10.25
68486848
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» stadiony ilkinji gezek Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň duşuşygyny kabul eder

Aziýa futbol konfederasiýasy 2027-nji ýylyň Aziýa kubogy üçin saýlama tapgyrynyň çäginde milli ýygyndylaryň öý meýdançalaryny tassyklady. Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy Arkadag şäherindäki täze stadionda iki öý duşuşygyny geçirer.

Saýlama tapgyrynyň 3-nji duşuşygynda milli ýygyndymyz 9-njy oktýabrda Kolombo şäherinde Şri-Lanka bilen myhmançylykda duşuşar. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 15:45-de başlanar.Şri-Lanka bilen jogap duşuşygy 14-nji oktýabrda «Arkadag» stadionynda geçiriler. Bu stadion ilkinji gezek milli ýygyndynyň gatnaşmagyndaky oýny kabul eder. Duşuşyk ýerli wagt bilen sagat 18:45-de başlanar.

18-nji noýabrda baş tälimçi Röwşen Meredowyň ýolbaşçylygyndaky ýygyndy Arkadagda ikinji duşuşygyny geçirer. Ýurdumyzyň ýygyndysy Hytaý Taýbeýiniň garşysyna oýnar. Duşuşyk sagat 18:45-de başlanar. Saýlama tapgyrynyň jemleýji duşuşygy 2026-njy ýylyň 31-nji martynda Taýlandda geçiriler.

Milli ýygyndymyz 2027-nji ýylyň Aziýa kubogy üçin saýlama tapgyrynyň çäklerindäki soňky öý duşuşygyny 2025-nji ýylyň 10-njy iýunynda Aşgabatdaky stadionda Taýlandyň ýygyndysy bilen geçirip, 3:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.