Turkmenportal logo
02.10.25
1402514025
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Owganystan boýunça Moskwa formatynyň ýedinji mejlisine gatnaşar
Surat: Kazan.mid.ru

Türkmenistan Owganystan boýunça Moskwa formatynyň ýedinji mejlisine gatnaşar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň DIM-iniň resmi wekili Mariýa Zaharowanyň sözlerine salgylanyp, TASS ýazýar.

Mariýa Zaharowanyň aýtmagyna görä, Owganystan boýunça Moskwa formatynyň ýedinji mejlisi 7-nji oktýabrda geçirilip, oňa Owganystanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýörite wekilleri hem-de ýokary derejeli wekil­leri gatnaşarlar.

Bellenilişine görä, mejlise Russiýanyň daşary işler ministri S.Lawrowyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Mottakiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

«Esasy üns Owganystanyň milli barlyşyk prosesine goldaw bermek meselesine hem-de sebitiň döwletleriniň owgan tarapy bilen syýasy, ykdysady, terrorçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş ýaly ugurlarda işjeň hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine gönükdiriler. Şeýle hem mejlisiň netijeleri boýunça bilelikdäki beýannama kabul edilmegi meýilleşdirilýär» diýip, M.Zaharowa maglumat berdi.