«Samsung» kompaniýasy soňky iki aýyň dowamynda özüniň geljekki «Galaxy S26» smartfonlarynyň önümçiligine dahylly iş meýilnamasyna ikinji gezek seretdi: önümçilikçi inçe «S26 Edge» eltelefonlarynyň ornuna «Galaxy S26+» smartfonyny öndürmek kararyna geldi diýip, «Ice Universe» atly abraýly insaýdere salgylanýan «IXBT» portaly habar berdi.
Habarda «Samsung» kompaniýasynyň «Galaxy S25 Edge» smartfonynyň bäsdeşi «iPhone Air» smartfonlaryna degişlilikde, pes satuwlaryň hasaba alnandygy üçin maksatnama gaýtadan seredendigi bellenýär. Netijede, geljek ýylda «Galaxy S26» smartfonlarynyň üç görnüşi — «Galaxy S26 Pro», «S26+» we «S26 Ultra» satuwa çykarylar. Şunda inçejik «Galaxy S25 Edge» smartfonlary «Galaxy S26 FE» ýaly aýratyn satuwa goýberiler.
Tomusda kompaniýanyň «Galaxy S26+» kysymdan ýüz öwürmekçidigi, onuň ornuna juda inçe «Galaxy S26 Edge» smartfonlaryny bazara çykarjakdygy habar berlipdi.
Myş-myşlara görä, «Samsung Galaxy S26» geljek 2026-njy ýylyň başynda tanyşdyrylar. Smartfonlar simsiz güýç beriji we täzelenen dizaýn alar.
