Turkmenportal logo
02.10.25
1696116961
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Turkish Airlines bilen Gulf Air strategik hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

Türkiýäniň milli howa gatnawlar hyzmatyny amala aşyrýan Turkish Airlines bilen Bahreýniň esasy howa kompaniýasy bolan Gulf Air strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Resminama Turkish Airlines kompaniýasynyň Stambul şäherindäki baş edarasynda gol çekildi. Oňa Turkish Airlines kompaniýasynyň baş direktory Bilal Ekşi we Gulf Air Group kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeffri Go gol çekdiler.

Resminama laýyklykda taraplar birnäçe esasy ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler: muňa strategik hyzmatdaşlyk etmek hakynda şertnamalaryň baglaşylmagy bilelikdäki taslamalaryň işe girizilmegi, ygrarlylyk bonus maksatnamalarynyň özara ykrar edilmegi, şeýle hem ýerüsti hyzmatlaryň hödürlenmegi girýär.

Mundan başga-da, iki kompaniýa hereket edýän Türkiýe–Bahreýn göni uçar gatnawlaryna daýanmak bilen, täze strategik ugurlary hem öz içine alýan uçar ugurlaryny bilelikde giňeltmegi meýilleşdirýärler. Taraplaryň bellemeklerine görä, gol çekilen bu Ähtnama iki ýurduň arasyndaky işewürlik, medeni we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ädim bolar.