Daşoguz welaýatynda däne kösükli ekinler — mäş we noýba — boýunça orak möwsümi soňky tapgyra ýetdi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, şu ýyl mäş ekini 7300 gektarda, noýba bolsa 410 gektarda ösdürilip ýetişdirildi. Bu ýyl mäşi we noýbany ösdürip ýetişdirýän esasy öndürijileriň hatarynda Akdepe, Boldumsaz, Köneürgenç hem-de S. Türkmenbaşy etraplarynyň ekerançylary bar. Şawat etrabynyň daýhanlary orak işlerini öňdäki hatarda tamamladylar.
Oba hojalykçylar her gektardan azyndan 15 sentner hasyl almagy meýilleşdirýärler. Sebitde ekilýän ýerleriň saýlanyp alynyşyna hem-de ekinleriň tohumlarynyň görnüşine aýratyn üns berilýär. Köp ýyllaryň dowamynda özüni oňat görkezen sortlar saýlanyp alynýar, ýerleriň ýagdaýy hem-de idegi bilen utgaşdyrylanda bolsa ýokary hasyl almak mümkinçiligi has-da artýar — diýip, çeşmede bellenilýär.
