S.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Balkan welaýatyndaky Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkezinde, şeýle-de etrabyň daýhan birleşiklerinde «Gözel Sumbaryň nary» diýen umumy at bilen uly meşhurlyga eýe bolan narlaryň köp gürnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berilýär.
Jülgäniň dag derelerinde, Sumbar derýasynyň boýlarynda ýabany ösýän nar agaçlarynyň aýratyn görnüşleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna hem girizilendir.
Magtymguly etrabynyň Sumbar, Çendir jülgeleriniň ugrunda ýerleşýän daýhan birleşikleriniň guýmagursak kärendeçi bagbanlaryň irginsiz tagallalary netijesinde «Gözel Sumbaryň nary» ady bilen meşhurlyk gazanan behişti miwäniň ykdysady taýdan girdejili görnüşleri bolsa köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär.
Sumbar jülgesiniň ajaýyp narlaryny talabalaýyk ösdürip ýetişdirmekde Magtymguly etrabynyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbanlary has-da netijeli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler. Häzirki wagtda daýhan birleşigine degişli ekerançylyk meýdanlarynyň 350 gektarynda kärendeçi bagbanlaryň 289-sy nar agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar.
Ýetişen miweleri ýygnap almagyň häzirki depgini daýhan birleşigi boýunça 2025-nji ýylda 1050 tonna nar almak baradaky meýilnamanyň has artygy bilen berjaý ediljekdigine güwä geçýär diýlip, habarda bellenilýär.
