Türkmenistan bilen Wengriýanyň hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparynyň altynjy mejlisi 2025-nji ýylyň 29–30-njy sentýabry aralygynda Aşgabatda geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, mejlise iki ýurduň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Toparyň bilelikdäki ýolbaşçylary hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow hem-de Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň gündogar gatnaşyklary ösdürmek boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Adam Ştifter çykyş etdiler.
Mejlisiň dowamynda oba hojalygy we azyk senagaty, suw serişdelerini dolandyrmak we daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ýaly däp bolan ugurlar boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.Duşuşygyň dowamynda ylym we bilim, medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça hem pikir alşyldy.
Iki ýurduň ykdysady düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge we Wengriýanyň Türkmenistana maýa goýumlaryny çekmek üçin hukuk binýadyny döretmäge mümkinçilik berjek hökümetara Maýa goýumlary höweslendirmek we özara goldamak baradaky Ylalaşygyň tiz wagtda gol çekilmeginiň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.Duşuşyga gatnaşyjylar häzirki mejlisiň dowamynda gazanylan täze ylalaşyklaryň iki ýurduň bähbitlerine laýyklykda konstruktiw dialogy mundan beýläk-de berkitmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşygyň netijesinde degişli Teswirnama gol çekildi. Bilelikdäki toparyň ýedinji mejlisiniň Budapeşt şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär – diýip, çeşmede bellenilýär.
