Turkmenportal logo
01.10.25
91189118
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky «Rus öýi» oktýabr aýy üçin çäreleriň maksatnamasyny mälim etdi

Russiýanyň «Rossotrudniçestwo» edarasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy oktýabr aýy üçin medeni we bilim çäreleriniň giňişleýin maksatnamasyny taýýarlady — diýip, edaranyň metbugat gullugy habar berýär.

Oktýabr aýynyň dowamynda «Rus öýünde» bilim seminarlary, döredijilik agşamlary, ussatlyk sapaklary hem-de Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň açyk gapylar günleri geçiriler. Ähli çäreler tölegsiz esasda guralýar.Aýyň esasy wakalarynyň arasynda 9–12-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň bilim sergisi, Sergeý Ýeseniniň doglan gününiň 130 ýyllygyna bagyşlanan edebi-sazly agşam (3 oktýabrda), şeýle hem Russiýada Ylym we tehnologiýalar onýyllygyna bagyşlanan aň-paýhas kwiz-bäsleşigi (24 oktýabrda) bar.

Yzygiderli esasda «Rus dilinde ýönekeý, batyrgaý, erkin gürle!» atly dil sapaklary, çagalar üçin şekillendiriş sungaty boýunça sapaklar, döwrebap žurnalistika boýunça okuw sapaklary, şeýle-de «Kalply marketing» atly leksiýalar geçiriler.Uly synplaryň okuwçylary üçin Russiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň — Russiýanyň döwlet ynsanperwer uniwersitetiniň, Demirgazyk döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Ýokary ykdysadyýet mekdebiň we Milli barlag ýadro uniwersitetiniň ýanyndaky Moskwanyň inžener-fizika institutynyň onlaýn görnüşdäki açyk gapylar günleri guralar. Şeýle hem RF-nyň hökümetiniň 2026/2027 okuw ýyly üçin bölüp berýän kwotasynyň esasynda Russiýada bilim almak bilen baglanyşykly hepdelik okuw-seminarlary we maslahatlar meýilleşdirilýär.

17-nji oktýabrda CODDY halkara programmirleme mekdebi bilen bilelikde robototehnika boýunça ussatlyk sapagy, 12-nji oktýabrda bolsa M. W. Lomonosow adyndaky Demirgazyk (Arktika) federal uniwersiteti bilen inžener tehnologiýalary we 3D çap etmek boýunça okuw sapaklary geçiriler.Çärelere gatnaşmak üçin öňünden ýazylmak zerurdyr. Habarlaşmak üçin: otdel_tm@mail.ru ýa-da şu telefon belgileri (+993 63) 47 11 92, (+993 63) 42 67 51.

«Rus öýi» Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, jaý 11 salgysynda ýerleşýär.