Turkmenportal logo
29.09.25
2928029280
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Bitarap Türkmenistan şaýolundaky ulag hereketi dikeldildi

Aşgabat şäher häkimligi Bitarap Türkmenistan şaýolunyň (ozalky Podwoýskiý şaýoly) Atamyrat Nyýazow bilen Arçabil şaýollarynyň arasyndaky böleginde ulag hereketiniň dolulygyna dikeldilendigini habar berdi.


Ýatlatsak, bu bölekde ulag hereketine girizilen çäklendirmeler 6-njy awgustdan başlap Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde abadanlaşdyryş işleri bilen baglylykda hereket edipdi. Häzirki wagtda ähli işler tamamlandy we paýtagtyň merkezi bölegindäki ulag hereketi ozalkysy ýaly doly dikeldildi.