Turkmenportal logo
28.09.25
2211022110
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ankaranyň iň beýik iki binasy türkmen baýdagynyň reňki bilen bezeldi
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

27-nji sentýabrda Ankaranyñ iň beýik binalary bolan Türkiýeniň söwda-senagat palatasy we birža birleşiginiň binasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkine bezeldi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.


Haly gölli, ýarymaýly we bäş ýyldyzly gyzyl we ýaşyl baýdagynyñ aýdyň çyra bezegi binalarda owadan şöhle saçdy.



Türkiýeniň söwda-senagat palatasy we birža birleşiginiň binasynyň beýikligi 140 m bolup, ol Ankaranyň iň beýik binalarynyň biridir. Şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň möhüm işewür merkezidigini bellemek zerur.