Aşgabatda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň hünärmenleri üçin karantin hem-de ösümlikleri boýunça goramak halkara konwensiýasynyň düzgünlerini düşündirmek maksady bilen, maslahat beriş duşuşygy guraldy.
Çykyş edenleriň hatarynda FAO-nyň Budapeşt şäherindäki sebitleýin edarasyndan gelen oba hojalyk boýunça hünärmen Artur Şamilow hem bardy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, konwensiýanyň gurluşynyň özüne degişli institusional platformasy bar we ol yzygiderli kämilleşdirilip durýar. Onuň ýerine ýetirilmegi FAO-nyň işleri hem-de BMG-niň ýörelgeleri bilen berk baglydyr.
Çykyş eden hünärmen her bir gatnaşyjy tarapyň beýleki halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegine zyýan ýetirmän, konwensiýanyň düzgünlerine eýermäge borçlanýandygyny aýratyn belledi.
Biosowatlylygy ýokarlandyrmak, azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek we daýhanlaryň bähbitlerini goramak maksady bilen, konwensiýa oba hojalyk önümlerini öndürijilere, eksportçylara we importçylara ýokary talaplary goýýar. Netijede bu talaplar adamlaryň saglygyny, daşky gurşawy we oba hojalygyndaky biodürlüligi gorap saklamaga ýardam edýär.
