Dubaýyň kofehanalar tory dünýäde iň gymmat bulgur kofeni satandygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Içginiň bahasy 2500 dirheme (takmynan 680 dollar) deň boldy, ol 2025-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda müşderä satyldy.
Kofe Panamada ýetişdirilýän «Hacienda La Esmeralda» diýlen seýrek dänelerden taýýarlandy. «Geisha» sortuna degişli bolan bu kofe özünde žasminiň ysyny we däneli miweleriň tagamyny jemleýändigi, hemmä elýeterli däldigi hem-de ýokary bahasy bilen bellidir.
Içgi elde ýasalan ýapon hrustal bulgurynda äberilýär. Onuň ýany bilen süýjülikler, mysal üçin, tiramisa diýlen meşhur italýan süýjüligi, «Geisha» sortundan taýýarlanan şokolad buzgaýmagy, içginiň tagamyny beýan edýän kartoçkalar berilýär. Dünýäde iň gymmat kofeni satyn alan müşderiniň ady gizlin saklanýar.
