24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň guramagynda Tokio şäherinde ýerleşýän «Imperial» myhmanhanasynda Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni we ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, kabul edişlige Ýaponiýanyň Hökümetiniň agzalary, Parlamentiniň deputatlary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän ýapon kompaniýalarynyň, daşary ýurtlaryň Tokiodaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Çäräniň resmi böleginde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow, Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri H.Fujii, Ýaponiýanyň adalat ministri K.Suzuki we Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy T.Endo çykyş etdiler.

Mundan başga-da, çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplarynyň, türkmen halysynyň we medeni gymmatlyklarynyň sergisi guraldy hem-de Türkmenistan barada tanyşdyryş wideolary görkezildi.

Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, myhmanlar üçin türkmen sazlary ýerine ýetirildi we milli tagamlar hödür edildi.
