Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow şu aýda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, altynjy mejlisiň gün tertibine laýyklykda, söwda-ykdysady, energetika, dokma senagaty pudaklarynda, ulag ulgamynda, oba hojalyk, azyk we daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini dolandyrmak, durmuş we zähmet, ylym-bilim, saglygy goraýyş we derman senagaty, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk‑de ösdürmek hem-de onuň gerimini giňeltmek barada pikir alyşmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, bu mejlisiň Teswirnamasynyň deslapky taslamasy taýýarlanyldy.
Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň hyzmatdaş döwletleriniň biriniň hem Wengriýa döwleti bolup durýandygyny, iki ýurduň özara dostlukly gatnaşyklary alyp barýandyklaryny belledi.
Döwlet Baştutany iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, «Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda» resminama gol çekdi.
