Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky, ýurduň raýatlaryna erkin pul serişdelerini amatly şertlerde ýerleşdirmek maksady bilen, Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy» atly möhletli goýumyny hödürleýär. Bu barada bankyň resmi saýtynda habar berildi.
«Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy» möhletli goýumy ýyllyk 10 göterim bilen 1 (bir) ýyl möhlete açylýar. Goýuma pul serişdeleri iň az möçberi 100 (bir ýüz) manatdan başlap 500 000 (bäş ýüz müň) manada çenli nagt we aýlyk zähmet haky geçirilýän «Altyn asyr» bank kartynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde kabul edilýär.
Habarda: «Hormatly raýatlar! «Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy» atly möhletli goýumyň 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan 30-njy sentýabryna çenli aralygynda açylýandygyny ýatladýarys» diýlip bellenilýär.
Goşmaça maglumat almak üçin bankyň merkezi diwanyna ýa-da onuň şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 129-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44 44 44
e-mail: info@senagatbank.com.tm
