Birleşen Milletler Guramasynyň indiki Baş sekretary ilkinji gezek zenan bolup biler. Bu barada «Bloomberg» agentligine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
«BMG-ä ýolbaşçylyk edenleriň dokuzysy hem erkek kişi bolupdy. Indi özgertmeleri geçirmek baradaky çagyryşlar barha batly ýaňlanýar» diýlip, habarda aýdylýar.
Agentlik bu wezipä mümkin bolan dalaşgärler hökmünde Täze Zelandiýanyň öňki Premýer-ministri Jasinda Arderni, Barbadosyň Premýer-ministri Mia Mottlini, BMG-niň adam hukuklary boýunça öňki komissary Mişel Baçeleti hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Amina Mohammedi görkezýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Howpsuzlyk Geňeşiniň hödürnamasy boýunça Baş Assambleýa tarapyndan bellenýär. Häzir guramanyň dokuzynjy ýolbaşçysy Antoniu Giterriş. Ol öz wezipe ygtyýarlylyklaryny ýerine ýetirmäge 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda girişdi.
