Häzirki wagtda Azerbaýjanda senagat, ulag, gurluşyk, söwda we hyzmatlar ulgamlarynda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda döredilen 78 kompaniýa üstünlikli işleýär. Bu barada Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Sahib Nureddin Alekperow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «TIF 2025» maýa goýum forumynda eden çykyşynda habar berdi.
Ministriň orunbasarynyň aýtmagynda görä, soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda oba hojalyk we gaýtadan işlenen önümler boýunça özara söwdanyň oňyn ösüşi hasaba alynýar.
«Emma şunuň bilen birlikde, bu ugurdaky üstünliklerimiziň häzirlikçe ýeterlik derejede däldigini boýun almaly. Şonuň üçin bar bolan uly mümkinçilikleri doly peýdalanmak babatda çäreleri görmegimiz gerek» diýip, Alekperow nygtady.
Şeýle hem ministriň orunbasary Azerbaýjanyň Özbegistanda söwda wekiliýetini açmak baradaky soňky karary barada durup geçip, onuň işiniň beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryna hem degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu çözgüdiň sebitleýin hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy.
«Biz bu goşmaça mehanizmiň azerbaýjan önümleriniň Türkmenistana eksportyny artdyrmagyna, maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyna, işewür toparlaryň arasynda gönüden-göni gatnaşyklary ýola goýmagyna we Merkezi Aziýada bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin mümkinçilik döretmegine garaşýarys» diýip, ol belledi.
Ýeri gelende bellesek, «TIF 2025» maýa goýum forumy Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýär.
