Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasaki bilen duşuşdy. Bilim ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň maksady iki ýurduň bilim ulgamynda öňde duran uzak sepgitleri nazarlaýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Taraplar häzirki wagta çenli alnyp barylan netijeli gatnaşyklara ýokary baha berip, hyzmatdaşlygyň gerimini ýaýbaňlandyrmaga ýardam etjek geljekki taslamalar babatda pikir alyşdylar.
Duşuşykda Türkmenistanyň bilim edaralarynda ýapon dilini öwrenmäge gyzyklanmanyň barha artýandygy, häzirki wagtda birnäçe müň türkmen okuwçylarynyň we talyplarynyň bu dili höwes bilen öwrenýändikleri bellenildi.
Duşuşykda esasy agzalan meseleleriň hatarynda, ýakyn geljekde meýilleşdirilýän wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki okuw maksatnamalary, JICA we MEXT ýapon okuw maksatnamalary arkaly mugallymlaryň hem-de talyplaryň takyk ylymlar boýunça hünär taýýarlygyny artdyrmak, Türkmenistanyň ýapon dili öwredilýän ýokary we orta okuw mekdeplerinde utgaşykly esasda hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy boýunça pikir alyşyldy.
Şeýle hem 2025-nji ýylyň 10 — 12-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata Ýaponiýanyň bilim wekilleriniň gatnaşmagy boýunça teklipler beýan edildi.
