Şu gün Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda watandaşlaryna toý sowgady boldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, deputatlar, Ahal welaýatynyň häkimi, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, welaýat we etrap halk maslahatynyň agzalary, halk köpçüligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri, ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň bu günki waka mynasybetli iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.
Soňra dabara gutlag çykyşlary, medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazlary, türkmen toý däp-dessurlarynyň berjaý edilmegi bilen dowam etdi.
Şanly waka mynasybetli toý sadakasy hem berildi.
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň Bagtly zamana obasynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, 640 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, söwda merkezi, geňeşligiň edara binasy ulanmaga berildi.
