Aşgabat şäherindäki 132-nji orta mekdepde belli türkmen ýazyjysy, dramaturg we şahyr Hemra Şirow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynyň habar bermegine görä, bu çäre ýazyjynyň 75 ýaşynyň dolmagy mynasybetli guralyp, ol Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň başlangyjy bilen geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda okuwçylar Hemra Şirowyň goşgularyny okadylar, ýazyjy bolsa çagalar bilen gyzykly söhbetdeşlik geçirdi we edebiýat babatda mekdep okuwçylaryny gyzyklandyrýan ähli soraglaryna jogap berdi.
.jpg)
Çäräniň ahyrynda ýaş okyjylar 75 ýaş ýubileýini belleýän ýazyja gül çemenini gowşurdylar. Soňra olar bilelikde kitap sergisine baryp gördüler, bu ýerde her çaga awtor bilen gönümel sorag-jogap alyşdy we käbir kitaplaryň mazmuny hakda gürrüňdeş boldy.
Hemra Şirow döredijilik we jemgyýetçilik işinde häzir hem işjeňligini dowam etdirýär: ol telewideniýede we radioda ýygy-ýygydan çykyş edýär, okyjylary bilen, aýratyn-da ýaşlar bilen duşuşmakdan uly lezzet alýar we hemişe olar üçin wagt tapýar.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen ýazyjysy Hemra Şirow şu ýyl 75 ýaş ýubileýini belleýär.
